![cover image](https://wikiwandv2-19431.kxcdn.com/_next/image?url=https://upload.wikimedia.org/wikipedia/commons/thumb/1/17/Supplicating_Pilgrim_at_Masjid_Al_Haram._Mecca%252C_Saudi_Arabia.jpg/640px-Supplicating_Pilgrim_at_Masjid_Al_Haram._Mecca%252C_Saudi_Arabia.jpg&w=640&q=50)
Kybla
From Wikipedia, the free encyclopedia
Kybla (arap. قِبْلَة — kyble(t) «ugur, tarap», başga manylary «günorta, özüne çekiji merkez») musulmanlaryň ybadatda(namazda) bakýan tarapy. Muhammed pygamber ﷺ Mekkedekä käbä bakyp namaz okaýardylar. Soň Medinede kybla Ierusalimdäki Aksa mesjidi bolýar, soňra aýat inmegi bilen Muhammed pygamber ﷺ sahabalary bilen Mekkedäki Mesjid Harama (Käbä) tarap bakypdyrlar.
(Eý, Muhammed!) Biz seniň (habara garaşyp) ýüzüňi asmana öwürýäniňi görýäris. Biz seni öz razy boljak kyblaňa hökman öwreris. Bes, sen (namazda) ýüzüňi Mesjidi-Harama (Käbä) tarap öwür! (Eý, musulmanlar!) Siz nirede bolsaňyz hem (namazda) ýüzüňizi oňa (Käbä) tarap öwrüň! Takyk, kitap berlenler onuň (kyblanyň Käbä tarap üýtgedilmeginiň) özleriniň Perwerdigärinden (gelen) hakykatdygyny, elbetde, (gowy) bilýärler. Alla olaryň edýän işlerinden gapyl däldir.
- — Kuran: 2/114.
![Thumb image](http://upload.wikimedia.org/wikipedia/commons/thumb/1/17/Supplicating_Pilgrim_at_Masjid_Al_Haram._Mecca%2C_Saudi_Arabia.jpg/640px-Supplicating_Pilgrim_at_Masjid_Al_Haram._Mecca%2C_Saudi_Arabia.jpg)
![Thumb image](http://upload.wikimedia.org/wikipedia/commons/thumb/6/62/US_Army_51420_Soldiers_celebrate_end_of_Ramadan.jpg/640px-US_Army_51420_Soldiers_celebrate_end_of_Ramadan.jpg)