Arap dili

From Wikipedia, the free encyclopedia

Arap dili

Arap dili (اللغة العربية[al-lugatu-l-‘arabiyyah] Faýl barada maglumat (diňlemek) ) —Afraziýa dil maşgalasynyň sami şahasyna degişli dil. Arab dili 280 million adam üçin ene dilidir we ýene 50 million adam ony ikinji dil hökmünde ulanýarlar. Ýazuwy arap elipbiýiniň esasynda. Bu dil 26 döwletiň resmi dili we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambeýasynyň 6 sany resmi we iş dilleriniň biri. Arap dili şu ýurtlarda resmi: Oman, Birleşen Arap Emirlikleri (BAE), Katar, Bahreýn, Kuweýt, Saud Arabystany Patşalygy (SAP), Yrak, Ýemen, Iordaniýa, Siriýa, Lübnan, Ysraýyl, Müsür, Sudan, Eritreýa, Jibuti, Somaliýa, Somaliland, Komor adalary, Libiýa, Çad, Tunis, Jezair, Fas, Günbatar Sahara, Muritaniýa.

Quick Facts Arapça العربية Al-arabiyya, Resmi ýagdaýy ...
Arapça

العربية Al-arabiyya 

Aýdylyş: [arabiyya]
Gürlenilýär: Saud Arabystan, Müsür
Jemi gürleýän sany: ≈240 million adam
Dil maşgalasy: Semit dili
Arapça
 
Ýazylyş düzgüni: Arap elipbiýi (Arap harfy) 
Resmi ýagdaýy
Resmi dil: Saud Arabystan, Müsür, ...
Sazlaýjy: Organisation of Islamic Cooperation
Dil kod
ISO 639-1: ar
ISO 639-2: ara
ISO 639-3: ara 
Thumb
1. Ýaşyl reňk — resmi dil.
2. Gök — Ýurduň aglaba böleginiň dili.
Close

Hat ýazuw

Arapça hat sagdan çepe ýazylýar. Arapçada baş harp ýok, ýagny adamyň ady bolsun ýa-da şoňa meňzeş uly ýazylýan harplaryň hemmesi şol bir deňlikde ýazylýar. Arap dilinde (ـهh) we (ـةt) harplar haýsy hem bolsa sözüň ýa-da sözlemiň iň soňky sözüniň soňunda gelse ol harpa we yzynda duran çekimlä ses berilmeýär.

Mysal üçin:

  1. اللَّهAlla — ýeketäk Hudaý.
  2. قِيَامَةkyýämädireliş.
  3. كَمِهَkämi — körlük.

Arap dilinde sözlemde haýsy sözüň başynda ٱلـäl bar bolsa, onda şol sözüň öňündäki söz bilen birikdirilip okalýar. Ýagny başdaky [ä] harpy taşlanyp, öňdäki sözüň soňky çekimlisi okalýar. Meselem:

  • (بِسْمِ ٱللَّهِBismillä).

Eger-de şäddä [äl]-iň yzynda bar bolsa, onda [äl] hem taşlanyp L harpa derek şäddäniň duran harpy okalýar. Meselem:

  • إِذَا ٱلشَّمۡسُ كُوِّرَتۡizäş şämsu kuwwiråt — Gün düýrülip, gatlanan wagty![1]

Rahman

More information №, Harfyň ady ...
Arap harplygy[2]
Harfyň
ady
Berýän
sesi
Harpyň sözdäki ýeri
soňynda ortasynda başynda aýratynlykda
1 älif ä, a ـا ـا ا ا
2 b ـب ـبـ بـ ب
3 t ـت ـتـ تـ ت
4 s ـث ـثـ ثـ ث
5 jim j ـج ـجـ جـ ج
6 h ـح ـحـ حـ ح
7 ho h ـخ ـخـ خـ خ
8 däl d ـد ـد د د
9 zäl z ـذ ـذ ذ ذ
10 roa r ـر ـر ر ر
11 zäý z ـز ـز ز ز
12 sin s ـس ـسـ سـ س
13 şin ş ـش ـشـ شـ ش
14 sod s ـص ـصـ صـ ص
15 dzod dz ـض ـضـ ضـ ض
16 to t ـط ـطـ طـ ط
17 zo z ـظ ـظـ ظـ ظ
18 ‘aýn ـع ـعـ عـ ع
19 g‘åýn g ـغ ـغـ غـ غ
20 f ـف ـفـ فـ ف
21 kof k ـق ـقـ قـ ق
22 käf k ـك ـكـ كـ ك
23 läm l ـل ـلـ لـ ل
24 mim m ـم ـمـ مـ م
25 nun n ـن ـنـ نـ ن
26 h ـه ـهـ هـ ه
27 wäw u, w ـو ـو و و
28 ýä i, ý, y ـي ـيـ يـ ي
Close

Çekimli belligi

Hereket ýa-da häräkä (arap. حَرَكَة) — adatça arap harplarynda beýle çekimli goýulmaýar. Diňe Kuranda şuňa meňzeşlerde goýulýar. Sebabi araplardan beýlekiler olary onsuz okap bilmeýär, we ol sözler çekimli goýulmanda başga many berip bilýär.

  • َ◌

 — (arap. فَاتِحَة) — fäthä (berýän sesi: ä,a);

  • ِ◌

 — (arap. كَسْرَة) — käsra (berýän sesi: i,y);

  • ُ◌

 — (arap. ضمة) — dämmä (berýän sesi: u);

  • ْ◌

 — (arap. سُكُون) — sukun (sessiz). Köne sukun ۡ◌

Kalligraf

Thumb

Arap sanlary

Arap sanlary latyn sanlary ýaly tertipde ýazylýar. Meselem: 10 — ١٠
531 — ٥٣١

More information Sanlar, latyn ...
Sanlar
latyn 0 1 2 3 4 5 6 7 8 9
arap ٠ ۱ ۲ ٣ ٤ ٥ ٦ ٧ ۸ ٩
pars ٠ ۱ ۲ ٣ ۴ ۵ ۶ ٧ ۸ ٩
Close

Unicode

Aşakda goşmaça harplar we simbollar görkezlen.

0123456789ABCDEF
0600 ؀؁؂؃ ؋،؍؎؏
0610 ؐؑؒؓؔؕ ؛؞؟
0620 ءآأؤإئا بةتثجحخد
0630 ذرزسشصضط ظعغ
0640 ـفقكلمنه وىيًٌٍَُ
0650 ِّْٕٖٓٔٗ ٜ٘ٙٚٛٝٞ
0660 ٠١٢٣٤٥٦٧ ٨٩٪٫٬٭ٮٯ
0670 ٰٱٲٳٴٵٶٷ ٸٹٺٻټٽپٿ
0680 ڀځڂڃڄڅچڇ ڈډڊڋڌڍڎڏ
0690 ڐڑڒړڔڕږڗ ژڙښڛڜڝڞڟ
06A0 ڠڡڢڣڤڥڦڧ ڨکڪګڬڭڮگ
06B0 ڰڱڲڳڴڵڶڷ ڸڹںڻڼڽھڿ
06C0 ۀہۂۃۄۅۆۇ ۈۉۊۋیۍێۏ
06D0 ېۑےۓ۔ەۖۗ ۘۙۚۛۜ۝۞۟
06E0 ۣ۠ۡۢۤۥۦۧ ۨ۩۪ۭ۫۬ۮۯ
06F0 ۰۱۲۳۴۵۶۷ ۸۹ۺۻۼ۽۾ۿ

Klawetura

Thumb
Klawetura (Windows)
Thumb
Klawetura (Mac OS)
Thumb
Arapça ýazaýan maşyn

Şeýle-de

  • IPA-AR

Bellik

Salgylanmalar

Loading related searches...

Wikiwand - on

Seamless Wikipedia browsing. On steroids.