From Wikipedia, the free encyclopedia
Merkezi Aziýa: Aziýanyň merkezi sebiti. Ol günbatarda Hazar deňzinden gündogarda günbatar Hytaýyň serhetlerine çenli uzaýar. Ol demirgazykda Russiýa bilen we günortada Eýran, Owganystan we Hytaý bilen serhetleşýär. Merkezi Aziýa öňki Sowet respublikalary bolan Gazagystany, Gyrgyzystany, Özbegistany, Türkmenistany we Täjigistany öz içine alýar.[1]
Sebit demirgazykdan günorta 4,2 müň km, günbatardan gündogara çenli bolsa 5,6 müň km-e ýaýylyp gidýär.
Merkezi Aziýa taryhy taýdan çarwa adamlar we Ýüpek Ýoly bilen baglanyşdyrylýardy.[2] Ol Ýewropanyň, Günbatar Aziýanyň, Günorta Aziýanyň we Gündogar Aziýanyň arasynda adamlary, harytlary we pikirleri ýöredýän çatryk hökmünde gulluk edip geldi.[3] Ýüpek Ýoly musulman ýerlerini Ýewropaly, Günorta Aziýaly we Gündogar Aziýaly adamlary birleşdirdi.[4] Bu çatrygyň ýerleşen pozisiýasy tireçilik bilen däp-dessurçylygyň we modernizasiýanyň arasyndaky konflikti güýçlendirdi.[5]
Yslamdan öňki we yslamyň irki döwürlerinde Merkezi Aziýa Eýrana degişlidi[6] we ilaty Gündogar eýran dilli Baktriýalylar, Sogdianlar, Horezmlilerdi. Türkileriň ýaýramasy bilen Merkezi Aziýa gazaklar, özbekler, tatarlar, türkmenler we uýgurlar üçin hem mekana öwrüldi; sebitiň aglaba böleginde türki diller eýran dilleriniň ýerini tutdy.
XIX asyryň ortalaryndan XX asyryň soňlaryna çenli Merkezi Aziýanyň uly bölegi Rus Imperiýasynyň, soňam Sowet Bileleşiginiň, bölegidi.
Merkezi Aziýanyň (2019) 72 milliona golaý ilaty bar we ol öz içine bäş ýurdy alýar: Gazagystan (ilaty 18 million), Gyrgyzystan (6 million), Täjigistan (9 million), Türkmenistan (6 million) we Özbegistan (33 million).[7]
Seamless Wikipedia browsing. On steroids.
Every time you click a link to Wikipedia, Wiktionary or Wikiquote in your browser's search results, it will show the modern Wikiwand interface.
Wikiwand extension is a five stars, simple, with minimum permission required to keep your browsing private, safe and transparent.