Türkmensähra
From Wikipedia, the free encyclopedia
Türkmensähra Eýran Türkmenleriniň iň köp ýaşaýan sebitidir.
Eýran Türkmenleri Türkmenistan bilen Owganystan Türkmenleriniň ýaşaýyş ýerleri bilen goňşy bolan Gülistan, Demirgazyk Horasan, we Rezewi Horasanda ýaşaýandyrlar.
Türkmenistanyň Günbatarynda ýerleşýan Türkmensähra Hazar Deňizinden başlap Owganystan serhedine çenli dowam eder.
Şeýlelik bilen Türkmensähra sebiti de Gülistan, Demirgazyk we Rezewi Horasan welaýatlarynyň bir bölegidir.
Eýranda Türkmenler iň köp Gülistan welaýatynda ýaşaýar. Bu welaýatdan soň demirgazyk Horasan bilen rezewi horasan Türkmenleriň iň köp ýaşaýan sebitleridir.
Türkmensähranyň iň köp Türkmen ilatyna eýe bolan şäheri Kümmet Gowuz (Parsça: Gonbad Kavus-گنبد کاووس) şäheridir.
Türkmenleriñ we Türkmensähradaky ýaşaýan Türkmenleriñ milli şahyry bolan Magtymguly Pyragyny ýüreklerinden alan Gökleñ we Ýomut taýpalary, Eýranda türkmenligini iñ köp goraýan jemgyýet hökmünde tanalýar. Mundan daşary Türkmenistan, Türkiýe we başga türki milletlerinini özlerine dogan hökmünde görüp, ynançlaryna, batyrlyklaryna buýsanyp ýaşaýan taýpadyr. Eýrandaky Türkmenleriñ sany 3 mln - dan geçýändigi bilinýär. Dünýä banky ýurtlar profilindäki sana görä Eýranyñ doly halkyny 66 mln hasap edemizde onuñ 42 % Türkler tutýar.
Türkmenistanyň serhedindäki Bender Türkmen, Kümüşdepe, Akgala, Ambarolum, Inçeburun, Siminşäher, Daşlyburun, Kelala, Marawadepe we Jergelan ýaly şäherlerde-de ilatyn köpüsi Türkmendir.
Munuň bilen birlikde Bojnurd we Meşhed, Çabahar, Türbetjam we Tahran ýaly şäherlerde-de köp sanly Türkmen ýaşaýar.