![cover image](https://wikiwandv2-19431.kxcdn.com/_next/image?url=https://upload.wikimedia.org/wikipedia/tk/thumb/8/85/Magtimguli_Pyragy.jpg/640px-Magtimguli_Pyragy.jpg&w=640&q=50)
Magtymguly
Beýik türkmen şahyry / From Wikipedia, the free encyclopedia
Magtymgulynyň ömri we döredijiligi Türkmen halkynyň beýik şahyr ogly Magtymguly Pyragy gökleň türkmenlerindendir. Pyragy onuň edebi lakamydyr. Ol takmynan, 1724-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda, Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ol ömrüniň köpüsini Etrek, Gürgen, Garrygala sebitlerinde geciripdir. Şahyr "Äleme belgilidir" diýen şygrynda Ýar geler, wagt-da gider, gaflata çykmyş gözlerim. Açaýyn diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr; Bilmeýen soranlara aýdyň, bu garyb adymyz: Asly-gerkez, ýurdy-Etrek, ady-Magtymgulydyr diýip, öz adyny we niredendigini, kimlerdendigini aýdýar.Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azady, ejesi Orazgül bolupdyr.
Magtymguly Pyragy | |
![]() Magtymguly Pyragy | |
Doglan wagty we ýeri | Doglan ýeri Balkan welaýaty, Gerkez. |
---|---|
Aradan çykan wagty we ýeri | [1] 1724-1807( 83 yaş) |
Galam ady | Akyldar, şahyr |
Dili | Türkmen |
Milleti | Türkmen |
Etnikasy | Gerkez tiresinden |
Uçurym ýeri | Idris baba medresesi,Gögeldaş medresesi,Şir-gazy medresesi |
Magtymguly başlangyç terbiýäni kakasy Döwletmämmet Azadydan alýar. Ol bu barada: "Ylym öwreden ussat-kyblam pederdir" - diýip ýazýar. Magtymguly ilki oba mekdebinde okaýar. Onuň ilkinji mugallymyna Nyýazsalyh diýer ekenler. Magtymguly örän zehinli we ýiti akylly bolupdyr. Ol dürli kitaplary çakdan- aşa köp we irginsiz okapdyr. Magtymguly ýaş wagty kakasyndan, ejesinden we obanyň garry adamlaryndan köp-köp halk rowaýatlary, goşgy-gazallary, erteki we nakyllary höwes bilen diňleýär eken. Ol kakasy Döwletmämmet Azadynyň döreden eserleriniň köpüsini ýatdan öwrenipdir.
Magtymgulynyň zehinliligine, okuwa höwesliligine göz ýetiren Döwletmämmet onuň ylymly adam bolup ýetişmeginiň aladasyny edipdir. XVIII asyrda Etrek, Ahal, Mary sebilerinde güýçli medreseler bolmandyr. Şonuň üçin Döwletmämmet Azady öz oglyny ilki Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerlesýän, ol wagt güýcli hasap edilen Idris babanyň medresesine okuwa iberýär. Magtymguly bu medresede birnäçe wagt okaýar. Soňra ol Buhara gidýär, Buharada Gögeldaş atly medresä okuwa gidýär we onda iki ýyl okaýar. Şahyr hem medresede ders berýän şiraly türkmen Nury Kazym ibn Bahr bilen hem tanyşýar we onuň bilen dostlaşýar. Emma medresedäki talyplaryň tertip-düzgüniniň bozuklygy Magtymgulynyň bu medresäni taşlamagyna sebäp bolýar.
Magtymguly esasy bilimi Hywadaky «Sirgazy» medresesinde alýar. Ol «Sirgazy» medresesinde 3 ýyl okaýar. Medresede berilýän dersleriň daşynda hem Gündogaryň görnükli şahyrlary: Nyzamynyň, Nesiminiň, Fizulynyň, Nowaýynyň we başgalaryň eserlerini irginsiz okaýar. Ol medresede okaýanlaryň arasynda özuni derrew tanadyp, zehinli talyplaryň hataryna goşulýar. Okuwyň ilkinji ýylynda Magtymguly talyplaryň halypasy bolýar. Soňky ýylda bolsa, mugallym özi ýok wagty ders geçirmegi-de Magtymgula ynanýar ekeni. Emma kakasynyň ýarawsyzlanandygy üçin medresäni doly tamamlap bilmändir. Magtymguly öz döwrüniň iň bilimli we düşünjeli adamy bolup ýetişipdir. Magtymguly jahankeşde adam bolupdyr. Dünýäniň köp ýerlerine syýahat etmek duýgusy onda ýaşlykda döreýär. Bu syýahatlar şahyryň dünýägaraýşyny giňeldipdir. Magtymguly oglan okatmakdan başga tanymal zergär bolupdyr we kümüşden, altyndan dürli bezeg şaýlaryny ýasapdyr. Magtymgulynyň maşgala ýagdaýy jedelli meseleleriň biri bolup durýar. Goşgularyna esaslanyp, onuň Meňli diýen gyzy söýendigini, ýöne käbir sebäplere görä alyp bilmändigi hakda alymlar netijä gelýärler. Magtymgula Akgyz diýen ýeňňesi dakylýar.
Ondan iki ogul bolup, olar hem ýaşlykda ýogalýarlar. Şahyr ogullarynyň ölümine gynanyp, "Yzlamaýan bolarmy", "Mübtela kyldy“ eserleri döredipdir.
Magtymguly örän parasatly, gepe çeper, märekesöýen adamdy. Ol özüniň gowy häsiýetleri bilen halka görelde görkezipdir, akyl-paýhasy bilen köp adamlary terbiýeläpdir.
Magtymguly, takmynan, 1807-nji ýylda Atasary diýilýän çeşmäniň boýunda, Soňudagyň ýanynda aradan çykýar. Ony kakasynyň ýanynda "Garry molla" (Eýranda) gonamçylygynda jaýlapdyrlar.
MAGTYMGULY(1724-1807)ýasap gecipdir
Magtymguly döredijilik işine ýaşka başlapdyr.Magtymguly goşgularyny köpçüligiň üýşen ýerinde, toý-meýlislerde okap berip, adamlary gahrymançylyga, ar-namysly, hüşgär bolmaklyga çagyrypdyr. Onuň ylham çeşmesi halk we onuň güzerany bolupdyr.
Şahyryň döredijiligi dürli temalarda bolan köp sanly şygyrlardan we poemalardan ybaratdyr. Onuň öz golýazmalary bize gelip ýetmändir.
Magtymguly köp şygyrlaryny Pyragy lakamy bilen düzüpdir Onuň döredijiligi XVIII asyr türkmen durmuşyny öwrenmäge örän köp material berýär. Magtymgulynyň şygyrlary, esasan, watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, sosial-deňsizlik, yşky-liriki, dostluk barada gumanistik ideýalary öňe sürýär.