From Wikipedia, the free encyclopedia
Doly ady: Pifagor Samosskiý(Samosly) (Pythagoras of Samos)
(b. e. ön takmynan 570-500) – gadymy grek akyldary, dini we syýasy işgäri,pifagoreizmi esaslandyryjy. Pifagor barada her hili rowaýatlar ýaýrap, şolarda ol pähimli adam, bütin antiki we Ýakyn Gündogar ylmynyň mirasdary, “gudratly” adam hökmünde suratlandyrylýar. Ol ilki Samos adasynda ýaşaýar, soňra rehimsiz hökümdar Polikratyň syýasy garşydaşy bolany üçin, Günorta Italiýadaky Kroton şäherine gidýär. Pifagor şol şäherde öz yzyna eýerijileriň ýapyk dini soýuzyny esaslandyrýar, olar Pifagora “keramatly” ynsan hökmünde hormat goýupdyrlar.
Matematika babatda bolsa geometrik subutnamalaryň yzygiderli girizilmegini, gönüçyzykly figuralaryň planimetriýasynyň gurulmagyny, meňzeşlikler baradaky taglymatyň döredilmegini, onuň ady dakylan teoremanyň (Pifagoryň teoremasynyň) subut edilmegini, başga-da köp zatlary Pifagoryň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Pıfagory iň köp tanadan öňe sürmesi Pifagoryň teoremasydyr. Pifagor we onuň okuwçylary matematika we sanlara ynanypdyrlar.
Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy,
Tom 7, sah.92
Bu makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Seamless Wikipedia browsing. On steroids.
Every time you click a link to Wikipedia, Wiktionary or Wikiquote in your browser's search results, it will show the modern Wikiwand interface.
Wikiwand extension is a five stars, simple, with minimum permission required to keep your browsing private, safe and transparent.