OnePlus 2
From Wikipedia, the free encyclopedia
From Wikipedia, the free encyclopedia
OnePlus 2 — 2015-nji ýylyň 29-njy iýulynda görkezilen OnePlus hytaý kompaniýasynyň smartfony. Bu tapgyryň ikinji smartfony. OnePlus 2 özünden öňküsinden dizaýny we tehniki häsiýetnamalary bilen tapawutlandy.[1]
Modelde OnePlus kompaniýasy üçin birinji gezek "öýe" düwmesinde gurnalan barmaklaryň yzlarynyň skaneri ulanyldy.[2][3] Şeýle-de OnePlus 2 USB Type-C porty bolan dünýäde birinji smartfon boldy.[4]
OnePlus 2 [5] | |
---|---|
Ekran | 5.5 dýuým
LTPS IPS LCD, 1080 x 1920 px, 16:9 Corning Gorilla Glass 3 |
Operatiw huş | 3/4 GB |
Içki ýat | 16/64 GB |
Yzky kamera | 13 MP, автофокус, f/2.0, 1/2.6", 1.3µm, 4K@30fps, 4K(DCI)@24fps, 1080p@60fps, 720p@120fps |
Öňki kamera | 5 MP, f/2.4, 720p@30fps |
Prosessor | 4x1.56 GHz & 4x1.82 GHz |
Operasiýa ulgamy | Android 5.1 (Lollipop), Oxygen 3.5.6 |
Enjamyň ölçegleri | 151.8 x 74.9 x 9.9 |
Agramy | 175 g |
OnePlus 2 OxygenOS 2.0 firmanyň proşiwkasy bilen çykaryldy, ol Android 5.1 Lollipop esaslandy.[6] Android 6.0.1 bazasynda OxygenOS 3 täzeleniş 2016-njy ýylyň maýynda çykaryldy.[7] OnePlus 2 Android 7 "Nougat" bazasynda resmi täzelenişi almady.[8] OnePlus 2 resmi däl ýagdaýda LineageOS 15 proşiwkasynda Android 8.0 Oreo çenli täzelemek mümkin.[9] OnePlus 2-de birinji gezek sesini sazlaýjy düwme bilen ýanaşyk ýerleşýän "Alert Slider" ýörite polzunok döredi. Polzunok ulanyjy tarapyndan üç sany öňünden saýlanan režime geçmäge mümkinçilik berýär, tertip boýunça bu “Sessiz”, “Wibrasiýa” we “Jaň”.[10]
Oturdylan ýady 16 Gb bolan White Basic wersiýasynyň bahasy 329$ ybarat boldy, 64 Gb bolan Sandstone Black Premium wersiýasynyň bahasy 389$ ybarat boldy.[11] Kewlardan ýa-da bambukdan edilen firmanyň yzky panelleri 27$ ybarat boldy.[12] OnePlus 2 awgustyň ortalarynda Ýewropada, ABŞ-da we Hindistanda satuwa çykaryldy.[13] Satuwlar OnePlus One ýagdaýda bolşy ýaly çakylyk boýunça amala aşyryldy. Satuwlar başlanandan soňra birinji 72 sagatda 1 million OnePlus 2 bronlandy.[14] Bir hepdeden soňra 2 million öňünden berlen buýurmalar edildi.[15] 2015-nji ýylyň sentýabrynda öňünden berlen buýurmalaryň sany 5 milliondan ybarat boldy.[16] 2015-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda OnePlus çakylyklarsyz öz saýtynda 12:00-den 13:00 çenli HKT / CEST / PDT OnePlus 2 satdy.[17]
OnePlus kompaniýasy OnePlus 2 we OnePlus X modelleriň mahabaty barada Netflix ylalaşdy. Şol sebäpli “Kartdan ediln öý” serialynyň dördünji möwsüminde birinji ledi OnePlus 2 smartfonyny ulanýar.[18][19]
Seamless Wikipedia browsing. On steroids.
Every time you click a link to Wikipedia, Wiktionary or Wikiquote in your browser's search results, it will show the modern Wikiwand interface.
Wikiwand extension is a five stars, simple, with minimum permission required to keep your browsing private, safe and transparent.