![cover image](https://wikiwandv2-19431.kxcdn.com/_next/image?url=https://upload.wikimedia.org/wikipedia/commons/thumb/5/58/Lionel_Messi_2017.jpg/640px-Lionel_Messi_2017.jpg&w=640&q=50)
Lionel Messi
From Wikipedia, the free encyclopedia
Lionel Andres Messi (Ispança ýazylyşy we doly ady: Lionel Andrés Messi Cuccittini) — 1987-nji ýylyň 24-nji iýunynda doglan) Ispaniýanyň Barselona klubynda we Argentinanyň milli ýygyndysynda hüjümçi hökmünde çykyş edýän professional futbolçydyr. Adatça dünýäniň iň gowy oýunçysy hasaplanýar we köpler tarapyndan ähli wagtlaryň iň beýigi hasaplanýar.[2][3] Messi ortak rekort bolan 5 balland'or rekordyna eýedir,[note 1] Messi olaryň 4-sini bassyrlykda gazandy we Ýewropa altyn aýakgabyny bassyrlykda 5 gezek gazandy. Ol öz professional karýerasyny dolulygyna 9 la liga çempionlygy, 4 UEFA Çempionlar ligasy çempionlygy we 6 Kopa Del Reý çempionlygy gazanan kluby bolan Barselonada geçirdi. Öndümli bombardir we oýun-düzüji bolan Messi La Liga taryhyndaky iň golçy oýunçy (383), La Liga möwsümindäki iň golçy oýunçy (50), Ýewropada bir sezonda iň köp gol uran klub oýunçysy (73), kalendar ýylynda iň köp gol uran oýunçy (91), El Klasiko-da iň köp gol uran oýunçy rekortlary bilen bir hatarda La Ligadaky iň öndümli asistçi (149) we Kopa Amerika bäsleşikleriniň iň öndümli asistçisi (11) rekortlarynyň hem eýesi.
![]() |
Bu makalada ulanylan käbir adalgalar akademiki terjimä esaslanmaýar, bular editoryň öz şahsy terjimesi. Bu terminleriň akademiki terjimesini bilýän bolsaňyz makalany üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly dogry terjimeleri üpjün etmek bilen Wikipediýa ýardam berip bilersiňiz. Gerekli düzeltmeler amala aşyrlansoň bu duýduryşy öçürmegi unutmaň. |
![]() 2017-nji ýylyň Noýabr aýy Messi Argentina toparynda | |||
Şahsy Maglumatlary | |||
---|---|---|---|
Doly ady | Lionel Andrés Messi Cuccittini[1] | ||
Doglan wagty | 24-nji Iýun 1987 (1987-06-24) (37 ýaş) | ||
Dogla ýeri | Rosario, Argentina | ||
Boýy | 1.70 | ||
Ýeri | Hüjümde | ||
Topar maglumatlary | |||
Topary | Inter Miami | ||
Nomeri | 10 | ||
Fundament karýerasy | |||
1994–2000 | Newell's Old Boys | ||
2001–2004 | Barselona | ||
Professional karýerasy* | |||
Ýyllar | Topar | Oýun | (Gol) |
2003–2004 | Barselona C | 10 | (5) |
2004–2005 | Barselona B | 22 | (6) |
2004–2021 | Barselona | 520 | (474) |
2021–2023 | PSG | 58 | (22) |
2023– | Inter Miami | 18 | (13) |
Milli topar karýerasy | |||
2004–2005 | Argentina 20 ýaş we kiçiler | 18 | (14) |
2008 | Argenitina 23 ýaş we kiçiler | 5 | (2) |
2005– | Argentina | 187 | (109) |
* Diňe liga oýunlary we gollaryny öz içine alýar.
|
Merkezi Argentinada doglan we önüp - ösen Messi ösüş gormon kemçiligi bilen diagnozlanypdy. 13 ýaşyndaka onuň keseliniň töleglerini tölemegi boýun alan Barselona klubyna goşulmak üçin Ispaniýa göçdi. Barselonanyň ýetginjekler akademiýasyndaky depginli ösüşinden soňra Messi özüniň professional debýutyny 2004-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda amala aşyrdy. Karýerasynyň ilki ýyllarynda dowamly we yzygiderli şikeslenýändigine garamazdan ilkinji 3 möwsümde Leonel Messi özüni klubyň gaýragoýulmaz oýunçysy hökmünde esaslandyrdy, 2007-nji ýyly FIFA ýylyň oýunçysy we Ballandor baýraklarynda finalist hökmünde tamamlady. Onuň ilkinji şikessiz ýörişi 2008-09 möwsüminde amala aşdy, bu möwsümde ol Barselona Ispaniýa futboly taryhyndaky ilkinji treble-i gazanmaklaryna ýardam berdi. 22 ýaşyndaka Messi Ballandor we FIFA ýylyň oýunçysy baýraklaryny rekort aratapawut bilen gazandy.
Argentina milli ýygyndysynda çykyş edýän Messi öz ýurdunyň taryhyndaky iň golçy bombardirdir. Ýaşlyk derejesinde ol 2005 FIFA Ýaşlar Dünýä çempionatyny çempion, Altyn Top we Altyn Aýakgap eýesi hökmünde tamamlady. 2008 Tomus Olimpiada oýunlarynda altyn medal gazandy.sik sesi