![cover image](https://wikiwandv2-19431.kxcdn.com/_next/image?url=https://upload.wikimedia.org/wikipedia/commons/thumb/2/2f/Google_2015_logo.svg/langtk-640px-Google_2015_logo.svg.png&w=640&q=50)
From Wikipedia, the free encyclopedia
Google (NASDAQ: GOOG), Internet gözlegi, onlaýn maglumat paýlanyşygy, mahabat tehnologiýalary we gözleg motorlary üçin maýa goýumlar eden halkara Amerikan anonim şereketidir. Internet dabanly hyzmat we önümler ösdürýär, goşmaça bolup bulara öý eýeçiligi edýär. Peýdasynyň uly bölegini AdWords programmasy arkaly mahabatlardan gazanýar.[1] [2] Şereket, Larry Peýj we Sergeý Brin tarapyndan Stanford Uniwersitetinde doktorantura okuwlaryny dowam etdirvqn wagtlary gurulandyr. Ikisi, ýygy-ýygydan "Google Guys" hökmünde hem tanalýar.[3][4][5] Google, ilkinji bolup, 4 Sentýabr 1998 senesinde hususy şereket hökmünde guruldy we 19 Awgust 2004 senesinde halka hödürlendi. Şereketi halka tanadylýan döwründe Larry Peýj, Sergeý Brin we Erik Skmidt geljekki ýigrimi ýylyň dowamynda , ýagny 2024-nji ýyla çenli Google-da bile işlemek üçin razylaşdylar.[6] Gurluşyndan şu wagta çenli wezipesi "dünýäde maglumaty organizasiýa etmek we muny halkara bolup elýeterli we ulanylyp bilinjek hala getirmekdir."[7] Gaýry resmi slogany bolsa, Google inženeri Amit Patel tarapyndan tapylan we Paul Buchheit tarapyndan goldaw berlen[8] Şereketiň şygary "Don't be evil" (Erbet bolma)-dyr. 2006-njy ýylda, häzir hem şereket merkezi ornunda bolan Mountain View, Kaliforniýa geçirilendir.[9][10]
![]() |
Bu makala maglumat bilen doly üpjün edilmedik. |
![]() |
Bu makalanyň üstünde gyssagly işlenmeli. |
![]() Googlepleks | |
Esaslandyryjy | Google Inc. (1998–2017) |
---|---|
Industriýa |
|
Görnüş | kömekçi |
Döredilen ýyly | 4-nji Sentýabr 1998 (1998-09-04) (25 ýaş), Menlo Park, Kaliforniýa |
Esaslanyryjylar |
|
Merkezleri | Mowunteýn wiýw, Kaliforniýa , (Mountain View, California) ABŞ |
Hyzmat ediş göwrüm | Bütindünýä |
Möhüm adamlar |
|
Önümler | Google önümleri |
Website | google.com |
Google-yň bütin dünýäde maglumat merkezlerinde bir milliondan artyk serwerde işleýän,[11] bir milliarddan artyk gözleg islegini işleýän[12] we ulanyjylary tarapyndan emele getirilen maglumatyň gün başyna ýigirimi dört petabaýt bolýandygy çak edilýär.[13][14][15][16] Gurluşyndan şu güne başa baran ösüş tizligi, şerekediň esas web gözleg motorynyň aňrysynyda önümler, satyn almalar we şäriklikler zynjyrynyň emele gelişini üpjün etdi. Şereket, Orkut, Google Buzz we Google+ ýaly sosial tor gurallary bilen elektron poçta hyzmaty Gmail hyzmaty ýaly onlaýn hasyllylyk programmalary hödürlemekde, goşmaça bolup, web brauzeri Google Chrome, surat görkezme we gurama programmasy Picasa we mahallyk habarlaşma Google Talk ýaly programmalar bilen iş stoluna çenli uzaýar. Bulardan başga, Android mobil operasion sistemasynyň ösdürilmegine ýolbaşçylyk edendir. Cr-48 baş operasion sistemasy bolup hem bilinýän täze Google Chrome OS, 15 Iýun 2011 taryhyndan bäri, Samsung Series 5[17] we Acer AC700[18] ýaly söwda Chromebook-larda[19] ulanylýar.
Alexa, internetde iň köp zyýarat edilen web saýty bolup ABŞ ünsli "google.com"-y sanawlaýar, YouTube, Blogger, Orkut ýaly Google-a degişli başga saýtlar we köp sanda halkara Google saýty (google.co.in, google.co.uk we ş.m.) bolsa iň köp zyýarat edilen saýtlaryň arasynda ilkinji ýüzligiň içinde ýer alýandyr.[20] Goşmaça bolup şereket, BrandZ marka bahasy maglumat dabanly sanawda ikinji orunda ýer aldy.[21] Muňa garşy Google, gizlinlik, şertnama haky we sensur ýaly temalarda kritiki teswirler alýar.[22][23]