Deborah Enn "Debbi" Raýan (d. 13 Maý, 1993) — Amerikaly aktrisa we aýdymçy.[1]

Quick Facts Doglan wagty we ýeri, Käri ...
Debbi Raýan
Thumb
Debbi Raýan
Doglan wagty we ýeriDeborah Enn Debbi Raýan
Maý 13, 1993(1993-05-13)
Hantswill, Alabama, ABŞ
KäriAktrisa, aýdymçy
MilletiAmerika
Žanrlarypop

[debbyryan.com debbyryan.com]
Close

Debbiniň aktrisalyk ukyby 2007-nji ýylda Barni we dostlary (iňl. Barney & Friends) DVD filminde Disney-a mälim bolýar. Raýanyň iň meşhur roly Disney Channel kinosy bolan Zek we Kodiniň gämidäki başdangeçirmeleri adly seriýaldaky Beýli Pikket roludyr.[2][3] 2008-nji ýylda bu seriýal telewizorda 6-11 ýaş aralygyndaky çagalaryň arasynda birinji, 9-14 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin ikinji orunda durýardy. Ol, şol ýylda Gaty şutlar-da Edit roluny hem janlandyrdy. 2010-njy ýylda, "16 arzuw" atly filmde baş rola oýnady we bu film Disney Channel-iň iň köp gözlenen filmlerinden biri boldy.[4][5][6] 2010-njy ýylda Disney Channel Raýany köp adamyň premýerasy gününde sereden täze kabel programmasy bolan 16 arzuw filmi bilen köpçülige tanatdy. Filmiň ilkinji gezek görlüşi 2010-njy ýylyň 20-nji awgustynda boldy. Raýan hem-de Disney Channel Original filmi bolan "Radio Rebel"-de baş rola oýnady. Bu ýerde Debbi, 17 ýaşyndaky ibaly gyz bolan Adams Tara-ny dawaçyl hökmünde janlandyrýar. Filmiň ilkinji gezek görlüşi 2012-nji ýylyň 17-nji fewralynda boldy. Debbi Disney-da baş rola oýnan Jessi roly bilen has hem meşhur bolýar.

Salgylanmalar

Daşarky çykgytlar

Wikiwand in your browser!

Seamless Wikipedia browsing. On steroids.

Every time you click a link to Wikipedia, Wiktionary or Wikiquote in your browser's search results, it will show the modern Wikiwand interface.

Wikiwand extension is a five stars, simple, with minimum permission required to keep your browsing private, safe and transparent.