O dünýäde bagyşlanmajak günä From Wikipedia, the free encyclopedia
Şirk (arap. شِرْكَ — butparazlyk, köp hudaýlylyk) aňladýan arap sözi. Şirk göniden-göni Alla bilen birini ýa-da bir zady deňemek, Alladan başga ybadat etmek, Alladan başga haýsydyr bir perişdäni, jyny, ölen adamy we şuňa meňzeşleri çagyrmak. Alla şirk goşýana muşrik diýilýär. Oňa Kuranda Alla şärik goşmak diýilýär.
106. Saňa Alladan özge peýda hem bermeýäne, zyýan hem ýetirmeýäne ýalbarma (olary kömege çagyrma). Eger şeýtseň, onda sen hakyky zalymlardan bolarsyň.
107. Eger Alla saňa zyýan ýetirse, ony Özünden başga aýyrjak ýokdur. Eger saňa ýagşylyk islese, Onuň pazly-keremini yzyna gaýtarjak hem ýokdur. Ony bendelerinden islän kişisine nesip eder. Ol Bagyşlaýjydyr, Rehimşepagatlydyr.
— Kuran sura №10.
Şirk öz gezeginde 2 topara bölünýär.[1]
1. Uly şirk (arap. الشِّرْكَ الأَكْبَر al-şirk al-akbar) — köphudaýlylyk iň uly günä, bagyşlanmaýar eger-de bu günäni eden günädigini bilip ökünmese, toba etmese we köphudaýly bolup dünýeden geçse. Şirk islam dini bilen hiç hili gabat gelmeýär.
48. Takyk, Alla Özüne şärik goşulmagyny bagyşlamaz. Emma ondan (şärik goşmakdan) başga islän kişisiniň günälerini bagyşlap biler. Kim Alla şärik goşsa, örän uly günä (bilen) töhmeti etdigi bolar.
— Kuran sura №4.
Uly şirk dinden çykarýar.
2. Kiçi şirk (arap. الشِرْكَ الأَصْغَر al-şirk al-asgar) — öz din üçin edýän işiňi göz üçin etmek, başgalaryň ýanynda aýtmak, ýa-da başgalara bildirjek bolmak (farz amallary halk bilmeli we ile gowy işlerde görelde bolmak şirke girmeýär). Kiçi şirk hem agyr günä bolup, ýöne ol adamy dinden (islamdan) çykarmaýar.[2] Oňa Riýä (arap. رِئَاء ikiýüzlülik, ýasamalyk, ýaranjaňlyk) diýilýär. Ýagny onuň şol eden sogaby puç, ýagny edil şol sogap işi etmedik ýaly bolar.
Şirk Nuh pygamberiň döwründe döräp başlapdyr. Şol halka Nuh pygamber iberildi.
23. Olar (biri-birlerine): «Siz hudaýlaryňyzy taşlamaň! Wäddä, Suwä, Ýägusä, Ýäuka we Näsra (bularyň hiç haýsyny) taşlamaň!» diýişdiler.
— Kuran sura №71.
Nuhyň halkynyň tagzym edýän butlary soň araplaryň arasynda döredi. Wäddä — Kiläb kowmy, Suwä — Huzäýl kowmy tagzym edip başlady. Ýägusä — başda Murad kowmy, soň Jäufda (Säbiň ýanynda) ýaşaýan Bänu Gatyf kowmy tagzym edip başlady. Ýäuka — Hamdan kowmy, Näsra — Zul-Kila maşgaladaky. Bu atlar öň Nuhuň kowmundan bolan dindarlaryňkydy. Olar ölenden soň şeýtan olaryň kowmuna olaryň köplenç oturýan ýerinde heýkel gurmagy, ol heýkellere şol dindarlaryň atlaryny dakmagy pikirlendirdi (aňlaryna guýdy). Olar muny etdiler, ýöne olar heýkele tagzym edmeýärdiler. Olar we olaryň döwürdeşleri öldi we ylym ýitdi, onsoň heýkellere tagzym edip başladylar.
— Sahih Buhari, hadys №4920
Allahyň ähli iberen pygamberleri adamlaryň diňe Alla ybadat, sežde, tagzym, dua etmekleri, Alla şirk goşmazlygy we günä etmezligi, haýr iş etmekleri üçin duýduryjy we begendiriji hökmünde iberildi, bu bolsa Allahyň adamlara bu dünýäde rehimdar bolşy ýaly ol dünýäde hem olary hemişelik azapdan alyp galmak we olary jennete salmak islegidir.
65. Takyk, saňa we senden öňki ötenlere: «Kasam bolsun! Alla şärik goşsaň, eden amalyň biderek bolar we zyýan çekenlerden bolarsyň» diýip wahyý edilipdi.
— Kuran sura №39.
Islamda şirk iň uly günä hasaplanýar. Şeýle öleni Alla bagyşlamaýar, eger-de tobasyz ölse. Islama ýaňy giren ýa-da başga sebäpler bilen şirk bilinmän galmagy ähtimal. Şeýle ýagdaýda ony bildirmek beýleki bilýän musulmanlaryň boýnuna düşýär.
121. (Damagy çalnanda) Allahyň ady aýdylmadyk (malyň) etinden iýmäň! Çünki bu (malyň etini iýmek) pasyklykdyr (Allahyň ýolundan çykmakdyr). Takyk, şeýtanlar siziň bilen söweşmekleri üçin öz ýoldaşlaryna (al-hile bilen ters zatlary) öwredýärler. Eger olara boýun bolsaňyz‚ takyk, siz hem (Alla) şärik goşanlardan bolarsyňyz.
— Kuran, sura №6.
Emma balygyň eti halaldyr, ony Muhammed pygamber ﷺ hem iýendir.
Hristianlaryň Isa pygamberi hudaý diýip ýa-da ol Allahyň ogly diýip ynanmalary şirk bolýar.
171. Eý, ähli-kitap! Diniňiz hakda (nädogry zatlary aýdyp) hetden aşmaň, Alla garşy hakdan başga zat aýtmaň! Märýäm ogly Isa Mesih diňe Allahyň ilçisidir we Märýäme ýetiren («Bol») kelemesidir (sözüdir) hem-de Ondan (Alladan) gelen bir ruhdur. Bes, Alla we Onuň ilçilerine iman getiriň, «(Hudaýlar) üçdür» diýmäň! Öz bähbidiňiz üçin (mundan) ýüz öwrüň! Takyk, Alla ýeketäk Hudaýdyr. Ol perzent edinmekden päkdir. Asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat Onuňkydyr. Wekil (hemaýatkär) hökmünde Alla ýeterlikdir.
172. (Isa) Mesih hem, (Alla ýakyn) perişdeler hem Alla bende bolmakdan çekinmezler. Kim Oňa (Alla) bende bolmakdan çekinip, tekepbirlik etse, (Alla) olaryň hemmesini Öz huzurynda jemläp (soraga çeker).
— Kuran sura №4.
Buddizmde şirk ýa-da günä diýip düşünje ýok. Sebäbi olar agaçdan, daşdan ýasalan aýal şekilli butlara, heýkellere çokunýarlar. Ol Hindistanda, Hytaýda we ýene-de käbir ýerlerde ýaýrandyr.
Seamless Wikipedia browsing. On steroids.
Every time you click a link to Wikipedia, Wiktionary or Wikiquote in your browser's search results, it will show the modern Wikiwand interface.
Wikiwand extension is a five stars, simple, with minimum permission required to keep your browsing private, safe and transparent.