From Wikipedia, the free encyclopedia
Merkuriý (simwoly: ) — Gün ulgamynyň Güne iň ýakyn planetasy, ol Günüň daşyndan 88 ýer gije-gündiziniň dowamynda aýlanýar. Planetanyň ady gadymy rimlileriň söwda hudaýy bolan ýüwrük Merkuriniň hormatyna dakylypdyr, sebäbi ol asmanda beýleki planetalara garanyňda iň çalt hereket edýär.
Gün äleminiñ 1-njy planetasy. Radiusy 2439 km dykyzlygy 5,45 g/sm3, massasy 3,3·10 23 kg. Merkuriniñ iç gurlusy barada aýdylsa, onuñ massasynyñ 80 %-e ýetýän we radiusy 1800 km bolan demir ýadrosy bar. Onuñ ilkinji we üçünji gatlaklary kremnidendir diýlip hasap edilýär. Ol Günüñ töwereginde 47,89 km/s orta tizlik bilen hereket edip, bir aýlawy 88 günde tamamlaýar. Öz okunyñ töwereginden 176 günde bir aýlanýar. Netijede, Merkuriniñ iki ýylynda onuñ diñe bir gije gündizi geçýär. Merkuriý Güne 45,9 mln. km golaýlasyp, ondan 69,7 mln. km uzaklasýar. Tizlenme 3,72 m/s2. Günüñ dowamynda ýylylyk - 180oS-den +430oS aralyklarynda üýtgeýär. Onuñ örän az mukdarda howasy bar: 1 sm3-da 10 6 atoma golaý. Amerikanyñ hemrasy Mariner-10 -yñ alan maglumatlaryna görä, üstüniñ sekili Aýa meñzäp dur. Merkuriniñ aýlanýan oky onuñ hereket edýän tekizligine 2 gradus gysyk. Hereket edýän tekizligi bolsa ekliptika 7o gysyk. Sonuñ üçin ol Günüñ üstünden bir asyryñ dowamynda orta hasap bilen 13 gezek geçýär. Ol hadysa diñe Maý we Noýabr aýlarynda bolup geçýär. Onuñ az möçberde magnit meýdany bar (Ýeriñkiden 300 esse az).
[[Kategoriýa: planetalar]]
Meláýew H. M 36. Syrly álem. - A.:Ylym neşirýaty,2004.
Bu astronomiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Seamless Wikipedia browsing. On steroids.
Every time you click a link to Wikipedia, Wiktionary or Wikiquote in your browser's search results, it will show the modern Wikiwand interface.
Wikiwand extension is a five stars, simple, with minimum permission required to keep your browsing private, safe and transparent.