From Wikipedia, the free encyclopedia
Fobosyň orbitasy. Fobos Marsa iň ýakyn jisimdir. Ol Marsa iň golaý nokadynda: 9234 km, iň uzak nokadynda bolsa, 9518 km uzaklykdadyr. Ýagny, Marsdan ortaça 9376 km uzaklykdadyr. Aýyň Ýerden ortaça 384 400 km uzaklykdadygyndan ugur alsak, Fobosyň Marsa nähili ýakyndygyna has takyk göz ýetirmek bolar. Fobosyň orbitasynyň eksentrisieti: 0,0151-dir. Ol Marsyň daşyndaky hem-de öz daşyndaky bir aýlawyny 0.32 günde (7 sagat 39 minut 12 sekuntda) tamamlaýar. Fobosyň Marsyň daşyndaky tizligi we şol sanda öz daşyndaky tizligi 2,170 km/sek bilen 2.105 km/sek aralygynda üýtgeýär. Fobosyň Marsyň daşyndaky we öz daşyndaky tizlikleriniň deňligi sebäpli, ol Marsa diňe bir ýüzüni görkezýär. Orbitasynyň uzynlygy 58 915 km-dir. Fobosyň orbitasy Marsyň ekwatoryna 1,093° ýapgytdyr (ekliptika tekizligine bolsa, 26,04° ýapgytdyr).
Fobosyň fiziki aýratynlyklary. Fobosyň ortaça radiusy 11 km-dir (Aýyň 0,0065 essesi). Massasy: 1.0659 x 10-uň 16-njy derejesidir. Ortaça dykyzlygy 1.78 g/sm3 (Ýeriň 0.323 essesi). Göwrümi ~5500km3-dyr. Fobosyň ýüzüniň meýdany ~6100km2-dyr. Dartyş güýji 0,0084-0,0019 m/s2 (8,4-1,9 mm/s2) aralygynda üýtgeýär. Dartyş güýjünden sypmak üçin gerek bolan tizlik (ýagny, ikinji kosmos tizligi): 0.011 km/sek (11 m/sek). Ekwatorynyň Marsyň ekwatoryna ýapgytlygy 0°. Ýagny, parallel. Ýüzüniň temperaturasy ~233 K. Atmosferasy ýok.
Fobos Gadymy Grek hudaýlarynyň arasynda gorky hudaýydyr. Bu hemra 1877-nji ýylyň 18-nji awgustynda amerikan astronom Asaph Hall tarapyndan tapyldy. Fobos häzirki wagtda bilinýän hojaýynyna iň ýakyn hemradyr. Ol Marsa şeýlebir ýakyndyr welin, ony Marsyň ýüzüniň käbir ýerlerinden görmek mümkin däldir. Alymlaryň çaklamalaryna görä ~50 million ýyl soň Marsa gaçyp pytrar we Marsyň daşynda halka emele gelmegine sebäp bolar. Fobosa Ýerden seredeniňde iň ünsüňi özüne çekýän zat Hall-yň Stikneý (Aýalynyň öňki familiýasy) adyny dakan krateridir. Bu krater bir çakyşmanyň netijesinde emele gelendigi we gapdalyndaky kiçiräk kraterleriň hem şol çakyşmanyň netijesinde emele gelendigi çaklanylýar.
Fobosyň taryhda kosmosdan üç gezek suraty alyndy. Birinji gezek 1971-nji ýylda Mariner 9, ikinji gezek 1977-nji ýylda Viking 1 we üçünji gezek 1988-nji ýylda Phobos kosmos gämileri tarapyndan alyndy.
Bu hemranyň emeli gelşi barada birnäçe çaklama bolsa-da, alymlar häzirki wagtda Fobosyň aslynda asteroid guşaklygyndaky bir asteroiddigini we Marsyň ýakynyndan geçýärkä onuň dartyş güýjüne garşy durup bilmän häzirki orbitasyna ýerleşendigini çaklaýarlar. Bu çaklama Marsyň ikinji hemrasy Deýmos hem degişlidir. Fobos we Deýmos çaklamalara görä daşlardan hem-de buzlardan emele gelendir.
Bu asteroit makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Seamless Wikipedia browsing. On steroids.
Every time you click a link to Wikipedia, Wiktionary or Wikiquote in your browser's search results, it will show the modern Wikiwand interface.
Wikiwand extension is a five stars, simple, with minimum permission required to keep your browsing private, safe and transparent.