From Wikipedia, the free encyclopedia
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary (iňl. 2017 Asian Indoor and Martial Arts Games), ýa-da başga bir ady bilen "Aziada 2017" , Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde 2017-nji ýylyň 17-nji we 27-nji Senýabr aralygynda geçirildi.[1] Post-Sowet döwletleriň arasynda Aziada ilkinji bolup Aşgabatda geçirildi. Aziada V -iň çekilişi 2010-njy ýylyň 19 dekabrda Kuweýtde boldy.[2]2013-nji ýylyň iýun aýynyň 6-syna Olimpiýada komiteti tarapyndan Olimpiýada baýdagy Aşgabadyň hakimine gowşuryldy. [3]
Bu makala Türkmen dili ýazuw kadalaryna görä düzeldilmeli. Makalany üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa okyjylaryna ýardam edip bilersiňiz. |
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Aşgabadyň olimpiýa şäherçenda geçirildi. Olimpiýa şäherçesinde 15 sany ýaryşlar üçin stadionlar, Türgenler şäherçesi ,Saglygy dikeldiş merkezi bilen bilelikde jemi 30-dan gowrak binalar bar. Olimpiýa şäheriň gurluşygyna Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow badalga berdi.[4]Gurluşygyň birinii tapgyrynyň çykdaýjysy $2 milliard dollar boldy.[5] Gurluşygyň ikinji tapgyryň çykdaýjysy $3 milliard (amerika dollary) .[6][7][8] Olimpiýada şäherçesi jemi 5 milliard dollar bahasy bilen Türkleriň Polimeks gurluşyk firmasy tarapyndan guruldy.
Türgenleriň rahat dynç almaklary üçin Olimpiýa şäherinde gerek bolan şertler döredilen , şertleriň içine medeni dynç alyş we sowda merkezleri, myhmanhanalar , restoranlar , kafeler, Işewürlik merkezi we ulaglar üçin duralgalar girýär.
Olimpiýada şäherçesiniň ýanynda köp sanly ýokary okuw jaýlary ýerleşýär. Olar: Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty,Türkmen döwlet medeniýet instituty we Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk instituty.
Bina | Sportyň görnüşi | Sygymlylygy |
---|---|---|
Aşgabat Olimpiýa stadiony | Açylyş we Ýapylyş dabaralary | 45,000 |
Bowling arena | Bowling boýunça ýaryşlar | 500 |
Küşt arena | Küşt | 500 |
Bilýard sport arena | bilýard sporty | 1,000 |
Welotrek sport binasy | welosport (trek) | 6,000 |
Taekwondo we tans sport arena | Taekwondo, tans sport | 1,000 |
Ýapyk bina ýeňil atletika toplumy | ýeňil atletika boýunça ýaryşlar | 5,000 |
Tennis toplumy | Tennis ýaryşy | 4,000 |
3x3 basketbol arena | 3x3 basketbol oçunlaru | 2 000 |
Taýboks we kikboksing arena | Taýboks,kikboks we kuraş | 5,000 |
Olimpiýa suw toplumy | gysga aralyga ýüzmek | 5,000 |
Agyr atletika arena | Agyr atletika | 861 |
Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy | sport göreşi, guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça ýaryşlar | 15,000 |
Medalyň nusgasy 2017-njy ýylyň fewral aýynyň 16-syna çykaryldy. Ilkinji medal "Eng Leong Medallic Industries" firmasy tarapyndan ýasaldy. Oýun üçin jemi 2000 sany medal ýasaldy, olaryň jemi agramy 721 Kilograma deň .[9]
Oýunyň açylyş dabarasy 2017-nji ýylyň Senýabr aýynyň 17-sine (Ýegşenbe) Aşgabat Olimpiýa stadionynda boldy.[10]
Oýunyň ýapylyş dabarasy Senýabryň 27-sine Aşgabat Olimpiýa stadionynda boldy. Ol ýerde halkara aýdymçylar: rus aýdymçy Nýuşa, Leban aýdymçy Ellisa , iňlis aýdymçy Jon Nýuman we ýerli aýdymçylar janly seslerii bilen göni ýaýlymda aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.[11]
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine agza bolan 45 sany döwletiň hemmesine çakylyk haty ugradyldy. Oýuna ilkinji gezek "Ýuwaş okean olimpiýa geňeşiniň" agzalaryndan 17 sany döwlet Aziýada oýunlaryna gatnaşdy.[12][13]
Ýaýyň içindäki sanlar gatnaşan adam sanlary.
Aziýa döwletleri |
---|
|
|
Seamless Wikipedia browsing. On steroids.
Every time you click a link to Wikipedia, Wiktionary or Wikiquote in your browser's search results, it will show the modern Wikiwand interface.
Wikiwand extension is a five stars, simple, with minimum permission required to keep your browsing private, safe and transparent.