![cover image](https://wikiwandv2-19431.kxcdn.com/_next/image?url=https://upload.wikimedia.org/wikipedia/commons/thumb/b/bb/AnandWM2008.Presse.Konf.jpg/640px-AnandWM2008.Presse.Konf.jpg&w=640&q=50)
Wişwanatan Anand
From Wikipedia, the free encyclopedia
Wişwanatan Anand (doglan senesi: 11.12.1969ý) hindi küşt grossmeýsteridir. Ol "dünýäniň 15-nji küşt çempiony" ada eýe boldy. FIDE-niň maglumatlaryna göra, 2800 reýtingden geçen 5 küştçüden biridir. Ol öz adyny 2007-nji ýylda Wladimir Kramnigi ýeňip gazanandyr. 24-nji aprel-11-nji maý aralygynda Sofiýa şäherinde geçirilen ýaryşda Bolgariýaly grossmeýster Weselin Topalowy 6,5-5,5 ýeňip, dünýäniň çempiony diýen adyny goramagy başarýar. Anand bu ýaryşda 2-nji, 4-nji we 12-nji döwleri (partiýalary) utdy, 1-nji we 8-nji döwlerde bolsa, ýeňildi. 2013-nji ýylda bolsa, öz ýurdunda, Hindistanyň Çennai şäherinde geçirilen ýaryşda Magnus Karlsene garşy ýeňildi. 1 ýyl soň çempionlygyny yzyna almak üçin rewanş oýnasa hem oňa Norwegiýaly küştçini ýeňmek başartmady.
Wişwanatan Anand |