Türkiýe
From Wikipedia, the free encyclopedia
Türkiýe (türk. Türkiye ), resmi ady Türkiýe Respublikasy (türk. Türkiye Cumhuriyeti ) — bir bölegi Aziýanyň günorta-günbatar böleginde, beýleki bölegi Günorta Ýewropada ýerleşýän döwlet. Ýurduň territoriýasynyň easy bölegi Anatoliýa ýarymadasynda (Kiçi Aziýa ýarymadasy) Gara deňiz bilen Ortaýer deňziniň aralygynda ýerleşýär.
| |||||
Paýtagt | Ankara | ||||
Iň uly şäheri | Stambul | ||||
Prezident | Rejep Taýýyp Erdogan | ||||
Dil | Türkçe | ||||
Gimn | İstiklâl Senasy | ||||
Meýdany | 783 562 km² | ||||
Ilat – ilat/km² |
84.680.273 110/km2 (107.) | ||||
Garaşsyzlyk | 29 Ekim, 1923 | ||||
Pul | Türk Lirası (TL) | ||||
Wagt | UTC +3 | ||||
Telefon kod | +90 | ||||
Internet TLD | .tr |
Türkiýe gündogarda Gürjüstan, Ermenistan, Azarbeýjan we Eýran bilen; günortada — Yrak we Siriýa; günbatarda — Ýunanystan, Bolgariýa bilen serhetleşýär. Onuň kenarlaryny dört sany deňiz ýuwýar: Gara deňiz, Ortaýer deňzi, Egeý deňzi we Mermer deňzi.
Türkiýeniň umumy tutýan meýdany 814,578 inedördül kilometr bolup, şonuň 790,200 inedördül kilometri Kiçi Aziýa ýarym adasynda, galan 24 müň inedördül kilometri hem Ýewropadadyr. Ýagny, Balkan ýarym adasynyň günorta gündogaryndadyr.
Türkiye dünýäniň iň täsin ýerinde gadymy Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň biri-birine iň golaýlaşýan ýerinde, Aziýanyň Ýewropa bilen araçäkleşýän ýaýlymynda ýerleşýär. Ol günortadan demirgazyga 550 kilometre, gündogardan günbatara 1600 kilometre uzalyp gidýär.
Üç tarapy deniz bilen gurşalan Türkiye döwleti Birinji jahan urşundan soň, 1923-nji ýylda Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan esaslandyrylýar. Türkiye dünýäniň birnäçe abraýly guramalarynyň agzasydyr. 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda" Türkiye Ýewropa Bileleşigine doly hukukly agza bolmak üçin gepleşiklere başlady.
Türkiýeniň Uly Millet Mejlisi 1920-nji ýylyň aprel aýynyň 23-inde döredildi. Ol ýurduň kanun çykaryjy organydyr. Deputatlar halk tarapyndan her 5 ýylda bir gezek geçirilýän saýlawlaryň netijesinde saýlanýar. Mejlisde 550 deputat bar.
Ýurduň ýerine ýetiriji häkimiýetine premýerministr ýolbaşçylyk edýär. Ol Ministrler Kabinetine başlyklyk edýär. Premýerministr Mejlis tarapyndan 5 ýyllyk möhlete saýlanýar. Türkiye «Ýurtda parahatçylyk - dünýäde parahatçylyk» ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, ony sebitdäki yurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar, hormat goýmak esasynda dowam etdirýär.