Türkmenistanda gurulýan özboluşly sport desgalarynyň biri hem Olimpiýa şäherjigi bolup durýar. Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk bu şäherjikde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa Oýunlary geçiriler.
Mälim bolşy ýaly, gerimi we ähmiýeti taýdan görlüp-eşidilmedik bu taslamanyň başlangyjyny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi goýdy. 2010-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Döwlet baştutany Olimpiýa şäherjiginiň – 30-dan gowrak desgany öz içine alýan köpugurly sport toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Toplumyň infrastrukturasy häzirki olimpiýa stadionynyň daş-töwereginde ýerleşýän, dört tarapyndan paýtagtyň iri ulag ýollary geçýän zolakda ýerleşýär. Bu örän ähmiýetli faktor toplumyň ähli desgalaryna päsgelçiliksiz barmagy üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Olimpiýa şäherjigine goňşuçylykda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri, ýagny Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet medeniýet instituty, Döwlet serhet gullugy akademiýasy we Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk instituty ýerleşýär. Bu bolsa, geljekde toplumyň sport desgalaryny okuw-türgenleşik binýady hökmünde ulanmaga mümkinçilik berer.
Ýapyk sport desgalarynda oňaýly şertleriň döredilmegi we olaryň ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilmegi halkara kadalara we sport tehnologiýasynyň talaplaryna laýyklykda türgenleşikleri we ýaryşlary, kwalifikasiýa we seçgi oýunlaryny tutuş ýylyň dowamynda geçirmäge mümkinçilik berer.
Links
- Olimpiýa şäherjigi Archived 2016-02-29 at the Wayback Machine
Wikiwand in your browser!
Seamless Wikipedia browsing. On steroids.
Every time you click a link to Wikipedia, Wiktionary or Wikiquote in your browser's search results, it will show the modern Wikiwand interface.
Wikiwand extension is a five stars, simple, with minimum permission required to keep your browsing private, safe and transparent.