Mary welaýaty
Maru - Şahu Jahan / From Wikipedia, the free encyclopedia
Mary welaýaty (rusça: Мары велаяты)Türkmenistanyň welaýatlarynyň biri. Mary welaýaty 1970-nji ýylyň 15-nji dekabrynda resmi görnüşde döredildi. Mundan ozal, ilkinji gezek 1939-njy ýylyň 21-nji noýabrynda döredilip 1963-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda ýatyryldy. Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşýär. GDA döwletleriniň iň günorta nokady bolan Çilduhtar obasy bu welaýatda ýerleşýär. Demirgazyk-gündogarda we gündogarda Lebap, Günbatarda Ahal, günorta we güorta-gündogarda Owganystan bilen araçäkleşýär. Meýdany 87,1 müň km². 23.10.2022 ý. senesindäki ýagdaýa görä, welaýatda 9 sany etrap, 2 sany şäher, 6 sany etrapdaky şäher, 14 sany şäherçe, 134 geňeşlik we 321 oba bar.
Quick Facts
Mary Mary welaýaty
Mary
Karta
|
Close
Mary welaýaty