Läleler
Läleler gelin gyzlaryn göwün nygmasy / From Wikipedia, the free encyclopedia
Läleler gelin-gyzlaryň aýratyn heň bilen aýdylýan goşgulardyr. Olar köplenç ýedi bogunly, dört setirli bolýarlar.
Läleler aýdylanda her bentden soň "haý, lä-le, haä, lä-le" diýen bogunlary gaýtalanýar.
Läleler özära - damak läle, eňek läle, dodak lälesi ýaly bölümlere bölünýärler.
Läleler döreýişleri taýdan birnäçe topara bölünýärler.
öňki lälelerde gelin-gyzlaryň gözgyny, agyr durmuşlary, isleg-arzuwlary beýan edilipdir.
Gara maňlaýdyr başym
On üç, on dörtdür ýaşym
Altmyş ýaşla çatdylar
Kakladylar bu laşim
diýen lälede ýaş gyzyň özünden dört-bäş esse uly adama satylandygy, gül ömrüniň kül bolandygy hakyndaky ahy-nalasy suratlandyrylýar. Olar gamgyn äheňde düzülipdir.