Isläm
From Wikipedia, the free encyclopedia
Isläm (arap. إِسْلاَم — boýun bolmak, [Ýeketäk] Hudaýa özüňi bagş etmek) häzirlikçe dindarlaryň sany boýunça hristianlardan soň ikinji din. (Aslyýetinde bolsa hristianlaryň sany azdyr, sebäbi adaty halk köpçüligi özüne hristiandyrys öýdýär.) Häzirki wagtda 125 ýurtdan jemi ≈ 1.8 mlrd adam bu dindedir. Takmynan, bir milliard töweregi musulmanlar hanefidir. Isläm 28 döwletiň döwlet ýa-da resmi dinidir. Pygamberi — Muhammed (571—632). Mukaddes kitaby — Kuran. Isläm hukugynyň we taglymatynyň ikinji esasy çeşmesi — Sünnet. Bu bolsa göniden-göni Muhammed pygaberiň ﷺ dana sözlerinden we durmuşyndan habar berilýän hadyslaryň jemidir. Ybadat dili hökmünde ulanylýan dil — arap dili. Isläm dindäki adama — musulman diýilýär.
Yslam dininden başga dini Allah kabul etmez (ýagny, başga dindäkiler (ýa-da dinsizler) dogzahy bolar).[1][2][3]