IELTS - International English Language Testing System ýa-da Halkara Iňlis Dili Synama Sistemasy (okalşy “aýelts“), 1989-nji ýylda Kembridj Uniwersitetiniň ESOL synag merkezi (Cambridge University ESOL Examinations, Britaniýa), Britiş Konsul (British Council, Britaniýa) we IDP Edukeýşn (IDP Education, Awstraliýa) tarapyndan döredilýär. Esas niýeti iňlis dili ene dili derejesinde bolmadyklar üçin standart getirmek.

Häzir IELTS 135-dan köp ýurtdaky sany 8000-den geçýän akademik guramalarda kabul edilýär. 2012-nji ýylda IELTS-a gatnaşanlaryň sany 2 milliondan geçdi.

IELTS iki görnüşli synag hödürleýär; biri Akademik, beýlekisem Umumy Barlag. Ýokary okuwa ýa-da işe girjek bolanyňyzda esasan Akademik görnüşiniň netijeleri soralýar.

IELTS 4 bölekden ybarat (Bu ýerde görkezilenler Akademik üçin degişli, Umumy Barlag synagy has aňsat bolýa):

Listening – Diňleme ukyplylygy, dowamlylygy 40 minut, 3 bölümden ybarat. Her diňleme bölümi bir gezek diňledilýär, gaýtaladylanok. Aralarynda jogaplary bellär ýaly wagt berilýär. Ahyrynda synag kitapçasy ýygnalýar.

1-nji bölüm – Iki adamyň gürrüňdeşligi. Esasan biri sorag soraýar, beýlekisem jogap berýär. Bul müşderi bilen satyjynyň arasynda geçýän gepleşiklere meňzeş bolýar.

2-nji bölüm – Bir adam gepleýär, we belli bir tema barada çykyş edýär. Muňa mysal bir mugallymyň synpa gireninde täze geçiljek tema barada gysgaça berýän maglumatlary ýaly bolýar.

3-nji bölüm – Belki-de iň kyn bölüm. 3-4 adamyň arasynda geçýän gepleşik. Aslynda bu ýerde-de bir adam sorag berýär, beýlekiler jogap berýär. Muňa bir tele/radio gepleşikde alyp baryjy bilen 2-3 sany myhmanyň arasynda geçýän gepleşige meňzeýär. Ýöne gepleşigiň temasy esasan akademik bolýar.

Reading – Okap düşünme ukyplylygy, dowamlylygy 60 minut, 3 bölümden ybarat, jemi 40 sorag. Jogaplary bellär ýaly aýratyn wagt berilenok. Ahyrynda synag kitapçasy ýygnalýar.

1-nji bölüm – Köplenç bir biografiýa berilýär. Iň aňsat bölüm hasaplanylýar. Ahyrynda 13-14 sorag berilýär.

2-nji bölüm – Gazet, ýa-da žurnaldan bir makala berilýär. Ahyrynda 13-14 sorag bar.

3-nji bölüm – Iň kyn bölüm. Akademik makala berilýär. Ulanylýan sözler akademik bolýar. Köplenç bir ylmy işi barada ýazylýar. Ahyrynda 13-14 sorag.

Writing – Ýazuw, dowamlylygy 60 minut, 2 bölümden ybarat. Bölümleriň arasynda aýratyn wagt berilenok, ýöne maslahat berilýän wagt bölünşigi 1-nji bölüm üçin 20 minut, 2-nji bölüm üçin 40 minut.

1-nji bölüm – Berilen tablisa ýa-da şekil barada azyndan 150 sözden ybarat ýazuw işi.

2-nji bölüm – Berilen bir pikir barada garaýşyňyzy beýan edýän azyndan 250 sözden ybarat ýazuw işi.

Speaking – Gepleşik/Gürrüňdeşlik, 10-15 minut, 3 bölümden ybarat. Gepleşikler aýratyn otagda IELTS ekzaminatory bilen garşy garşy oturyp geçirilýär. Gepleşik dowamynda hemme zat ses ýazyjy enjama ýazylýar.

1-nji bölüm – Umumy soraglar. Jogabyny bilýän zatlaryňyz soralýar. Pikriňiz soralanok. Çalt jogap bermegiňiz garaşylýar.

2-nji bölüm – Bir tema barada 1-2 minut aralygy geplemek. Gepleşik ne gysga ne-de uzyn bolmaly. Ekzaminator käbir zatlary anyklamak üçin goşmaça sorag berip bilýär. Taýynlanmak üçin 1 minut wagt berilýär we bellik almak üçin galam bilen kagyz berilýär.

3-nji bölüm – Belli bir ýagdaýa garaýşyňyzy bilmek maksady bilen birnäçe sorag berilýär. Bu ýerde pikirleriňizi düşündirip bilmek ukybyňyz synalýar. Taýynlanmana wagt berilenok. Arasynda düşünmedik soraglaryňyz bolsa başga sözler bilen täzeden soramasyny haýyş edip bilýäňiz (paraphrase). Ýa-da düşünmedik söziň manysyny hem sorap bilýäňiz. Synaga gireniňizde ýanyňyz bilen almana hiç zat rugsat edilenok. Galap bilen pozguçlar hem özleri tarapyndan üpjün edilýär. Synagyň Listening, Reading we Writing bölekleri bir günde, arakesmesiz geçirilýär. Speaking bölegi bolsa asyl ekzamenden 7 gün öň ýa-da soň aralykda bellenen wagtda aýratyn çagyrylyp geçirilýär. Ýöne köplenç ekzamenden soňky 1 hepde içinde bolýar.

Soraglar düzülende hem amerikan hem britan şiwelerinde dogry bolýan sözler ulanylýar. Gepleşik böleginde düşnükli bolmak şerti bilen aksendiňize üns berilmeýär.

Netijeler

Synagyň bahalandyrma sistemasy 0 bilen 9 aralygy. Synagdan geçmek ýa-da ýykylmak bahalary ýok. Her bölek üçin aýratyn baha berilýär, we dördüsiniň ortaça bahasy çykarylyp Umumy Baha (Base Score) çykarylýar.

Meselem:

  • Listening – 7.0
  • Reading – 8.5
  • Writing – 6.5
  • Speaking – 7.5

bolanda Umumy Baha üçin dördüsiniň ortaçasy alynýar, olam 7.375 bolýa. Şol bahany 7.5-e öwürip Umumy Bahaňyz çykarylýar.

Daşarky çykgyt

Wikiwand in your browser!

Seamless Wikipedia browsing. On steroids.

Every time you click a link to Wikipedia, Wiktionary or Wikiquote in your browser's search results, it will show the modern Wikiwand interface.

Wikiwand extension is a five stars, simple, with minimum permission required to keep your browsing private, safe and transparent.