Günorta-Ural döwlet uniwersiteti
Russiýa, Çelýabinsk uniwersiteti / From Wikipedia, the free encyclopedia
«Günorta-Ural döwlet uniwersiteti» (ylmy-barlag uniwersiteti) – Russiýada we Çelýabinsk oblastynyň bilim berýän guramalaryň iň ulularynyň sanyna girýär. 2000-nji ýyllarda Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynyň içinde iň köp talyp sanly diýip saýlandy.[1]
Günorta-Ural döwlet uniwersiteti | |
Asyl atlandyrylyşy | Günorta-Ural döwlet uniwersiteti |
---|---|
Halkara atlandyrylyşy | iňl. South Ural State University |
Taryhy atlandyrylyşy | Çelýabinsk döwlet tehniki uniwersiteti (ÇDTU) Çelýabinsk politehniki uniwersiteti (ÇPU) |
Dörediliş senesi | 1943 |
Täzeden dikeldiliş senesi | 1951, 1990, 1997, 2016 |
Görnüşi | Nusgawy (klassik) uniwersitet |
Rektor | A. L. Şestakow |
Prezident | G. P. Wýatkin |
Talyplar | 32 000 ýakyn 2017 56 000 çenli 2012 |
Ýerleşýän salgysy | Çelýabinsk we Zlatoust, Miass, Satka, Niznewartowsk şäherlerinde filialy |
Hukuky salgysy | 454080, Russiýa, Çelýabinsk, prospekt Lenina köçesi, 76 |
Çeşmeler | susu.ru |
2010-njy ýyldan bäri ylmy-barlag uniwersiteti diýen adyny göterýär. 2015-nji ýylda uniwersitet Russiýada geçirilen Proýekt 5-100 ýaryşyna saýlandy. Ýaryş Russiýa uniwersitetleriniň hilini gowulaşdyrmak maksady bilen geçirildi. 2018-nji ýylda Quacquarelli Symons(QS) Beýik Britaniýa guramasynyň baştutanlygynda GUrDU ilkinji gezek öz taryhynda dünýaniň iň gowy uniwersitetleriniň hasabyna girirzildi. GUrDU hasabynda 10 institut we ýokary okuw mekdebi, 2 fakultet (okuwa taýýarlaýyş we harby bölüm) we 4 filialy bar. Bu günki günde ýokary okuw jaýynda 52 ýurtdan gelen 28 müňden artyk talyp okaýar.