From Wikipedia, the free encyclopedia
Donald John Trump (d. 14 iýun 1946: Queens, Nýu-Ýork) söwdagär, syýasatçy we Amerikanyň Bileşen Şatatlarynyň şu wagtdaky prezidenti. 8 noýabr 2016-da geçirilen saýlowlarda Respublikaçylar partiýasynyň dalaşgäri hökmünde Hillary Kinton-dan üstün çykyp Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 45-nji prezidentli boldy.
Donald Trump 1960-nji ýyllarda käbir sebäplere görä okuwy taşlamaly bolýar.[Çeşme zerur]
Soňra Pensilwaniýa Uniwersitetiniň Wharton Institute-ynda okaýar. 1971-nji ýylda kakasynyň kärhanasyny dolandyryp başlaýar. Kärhana "Trump Organisation" diýip atlandyrylýar we merkezini Manhattana geçirýär. Gysga wagtyn içinde myhmanhanalarda adyny tanadýar. 1999-nji ýylda kakasy aradan çykýar. 2000-nji ýylda bolan saýlawlarda Reform partiýasynyň başlygy hökmünde dalaşgär boldy we gysga wagtyň içinde dalaşgärlikden çykdy. 2001-ni ýylda bu partiýadan çykýar. 2004-nji ýylda NBC telekanalynda “Şägirt ” (The Apprentice) gepleşigini taýýarlap şow dünýäsine gadam basdy. Käbir pikirleri üçin Parahatçylyk ugry boýunça Nobel baýragyna dalaşgär görkezildi emma ýeňiji saýlanmady. 2016-nji ýylda saýlawlarda İslamofobik gepleri we beren wadalary bilen tankyt edildi.[Çeşme zerur] Forbes'iň 2016-nji ýylda dünýäniň iň baý 400 adamy sanawuna adyny goşdy. 2016-nji ýylda saýlawlarda ýeňiş gazanyp ABŞ taryhyndaky iň garry prezident[Çeşme zerur] boldy (saýlanan wagtyna çenli aralykda).
Donald Trump nemes asylly bir maşgalada doglan. Dellek garry atasy Frederick Trump 1869-nji ýylda germaniýada dogulýar. 1885-nji ýylda häli 16 ýaşyndaka ABŞýa göçýär. Kanadanyň Klondike welaýatynda altyn resursyny tapdy.[1] . Diňe özi altyn çykarmak bilen çäklenmän altyn bilen baýamak isleýänlere iýip içer ýaly restoranlary açdy.Özi ýaly nemes immigrant Elizabeth Christ bilen 1902-nji ýylda toý etdi. Harby borjy ýerine ýetirmezlik we salgyt tölemezlik üçin Germaniýa gidýär . Ýöne gysga wagtyň içinde Amerika yzyna dolanýar. 11 oktýabr 1905-nji ýylda Fred Trump dogulýar. Frederick Trump 1918-nji ýylda ölenden soňra ýaşajyk Fred Trump ýaş bolsa hem söwdägarlige başlaýar. 22 ýaşyna ýeteninde Elizabeth Trump & Son ady bilen bir kärhana gurýar. Şol ýyllarada garalara garşy gurama agza bolanlygy sebäpli türmä basylýar. . II jahan urşyyndan soňra kärhanasyny ulaltýar we uly bri baýlygyň eýesi bolýar. Şol ýylarda Nýu-Ýork Quenss-de jaý alyp satmaga başlaýar. [2][3] Jynsparazlyk edip gara adamlara öý satmaýar. 1935-nji ýylda hyzmatkär şatland immigrant Mary Mecleod bilen durmuş gurýar.[4]Maryanne, Frederick Jr, Elizabeth, Donald we Robert diýip çagalary bolýar.[4][5]
Donald Trump şu wagta çenli üç gezek durmuş gurdy. Jemi üç sany ogly we iki sany gyzy we sekiz sany agtygy bar. Trump ilki bilen 1972-nji ýylda Çeh model Ivana Zelníčková bilen durmuş gurdy. Bu nikadan Donald Trump Jr., Iwanka we Eric dünýä indi. Jübüt 1992-nji ýylda aýrylyşsa hem ýakyn gatnaşykda boldular. 1997-nji ýylda Trump bu gezek aktrisa Marla Maples bilen nikalaşdy. Bu nakadan Tiffany dünýä indi. Iki ýyl soňra 1999-njy ýylda nika bozulýar. 2005-nji ýylda slowen model Melaniýa Knauss bilen nikalaşdy. 2006-njy ýylda ogly Barron doguldy.[6][7] Melaniýanyp saýlow kampaniýasynda adamsy hakyndaky eden çykyşy Barack Obamanyň aýaly Michelle Obamanyň Demokratik pariýasynyň mejlisinde eden çykyşyna meňzemegi dawa döretdi." Käwagt öýde iki ogul çagam bar , biri ýaşajyk bir oglum we beýekisi adamym" diýen çykyşy hem jedellere getirdi.
Seamless Wikipedia browsing. On steroids.
Every time you click a link to Wikipedia, Wiktionary or Wikiquote in your browser's search results, it will show the modern Wikiwand interface.
Wikiwand extension is a five stars, simple, with minimum permission required to keep your browsing private, safe and transparent.