From Wikipedia, the free encyclopedia
Demokratiýa döwlet dolandyryşynyň formasydyr. Dolandyryşyň bu görnüşinde häkimiýet ähli halka degişli bolýar. Halk häkimligini ýokary kanun çykaryjy we ýerli häkimiýet edaralaryndaky wekilleriniň üsti bilen amal edýär.
XX asyrda demokratiýa sözi dünýäde iň köp ulanylýan syýasy söze öwrüldi. Häzirki wagtda bu adalgany ulanmaýan, demokratiýany amala aşyrýarys, gurýarys diýmeýän partiýa ýa-da syýasy topar ýok diýsek hem nädogry bolmaz.
Häzirkizaman syýasy durmuşynda demokratiýa sözi köp manyda ulanylýar. Onuň ilkinji manysy sözüň gelip çykyşy bilen baglanyşyklydyr. Demokratiýa – demos (halk, halk ýygnagy), kratos (häkimiýet) diýen grek sözlerinden gelip çykyp, “halk häkimiýeti” diýen manyny berýär. XIX asyrda ýaşap geçen ABŞ – nyň prezidenti Linkolnyň sözleri bilen aýtsak demokratiýa – bu “halk tarapyndan saýlanan, halk üçin saýlanan halkyň dolandyrmasydyr”.
“Demokratiýa” adalgasynyň ikinji manysy – da onuň etimologiýasyndan gelip çykýar. Ol düsündiriş boýunça – “demokratiýa dolandyrmaga we karar kabul etmäge jemgyýetiň ähli agzalarynyň deň hukukly gatnaşýan guramasydyr”. Ikinji manyda partiýanyň, kärdeşler arkalaşygynyň demokratiýasy, önümçilikdäki demokratiýa, hatda maşgala demokratiýasy barada hem gürrüň edip bolar.
Demokratiýa jemgyýetçilik durmuşynyň kämil formasyna esaslanýan gymmatlyklaryň sistemasy hökmünde – de garalýar. Şeýle gymmatlyklara azatlyk, deňlik, adam hukuklary we ş.m. degişlidir.
Demokratiýa meselesine normatiw çemeleşmek adamyň gymmatlyklaryna, arzuwlaryna esaslanýar. Empiriki çemeleşme demokratiýanyň işdäki, durmuşdaky hereketini görkezýär.
Deňligiň häsiýetine görä demokratiýany syýasy demokratiýa ( hukuklaryň deňligi) we sosial demokratiýa (adamlaryň sosial mümkinçilikleriň deň bolmagy, ýaşaýşynyň oňatlygy, bilim almaklyga zähmet çekmeklige, dynç almaklyga, saglygyny bejermeklige we ş. m. mümkinçilikleriň bolmagy) bölmek bolar.
Eger-de demokratiýa şahsyýeti doly boýun egdirse, onda beýle demokratiýa totalitar häsiýetdedir.
Konstitusion demokratiýada häkimiýet şahalara bölünýär, köpçülik belli bir çäklerde saklanýar, azlygyň we aýry – aýry şahslaryň erkinligi goralýar.
Demokratiýanyň döreýşiniň we ösüşiniň uzakdan gaýdýan taryhy bar. Demokratik ýörelgeler, däpler adamlaryň entek urug, taýpa bolup ýaşalan döwründe ýüze çykypdyr. Adamlaryň deňhukuklylygy, erkin pikirlenmek, öz-özüňe akyl ýetirmek, şahsy jogapkärçilik, adamyň mertebesi ýaly zatlar has öň kemala gelipdirler. Olar jemgyýetiň ösmegine ýardam edipdirler. Munuň tersine garynja, bal arsyna meňzeş ýaşaýyş, berk ierarhiýa köplenç ösüşi bökdäpdir.
Urug döwrüni hemme halklar başdan geçiripdirler. Demokratiýanyň urug formasynyň aýdyň mysaly hökmünde amerikan irokezleriniň dolandyryş guramasyny görkezmek bolar. Taýpanyň ähli kämillik ýaşyna ýeten erkekleri we aýallary taýpanyň kethudasyny (ýaşulysyny) hem – de serdaryny (harby ýolbaşçyny) saýlamaklyga ýa – da boşatmaklyga gatnaşypdyrlar. Häzirki wagta çenli urug – taýpa demokratiýasynyň däpleriniň saklanyp galan ýerleri bar.
Demokratiýanyň esasy alamatlary:
1. Jemgyýetde halkyň häkimiýeti ykrar edilýär. Halk häkimiýetiň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Halkyň häkimliginiň ýokarylyk häsiýetine eýe bolýar. Onuň döwlet edaralaryny döretmek, saýlamak, yzygider täzeläp durmak, kanunlaryň işlenip düzülmegine gatnaşmak mümkinçiligi bolýar.
2. Döwletiň esasy edaralary saýlawlydyr. Döwletiň ýokary wezipelerine belli bir möhlete saýlanylýar
3. Döwleti dolandyrmakda adamlar deň hukuklara eýedirler. Bu ýörelge ilkinji nobatda saýlaw hukuklarynyň deňligini talap edýär. Mundan başga – da demokratiýa syýasy partiýalary we başga guramalary döretmek, öz pikiriňi erkin aýtmak, maglumatlary almak, döwletdäki wezipeleri eýelemek ugrundaky bäsleşige gatnaşmak, ýörişleri, ýygnaklary geçirmek, dine ynanmak ýa – da ynanmazlyk erkinliklerini aňladýar.
4. Çözgüdiň köpçülik tarapyndan kabul edilmegi, azlygyň köpçülige boýun egmekligi – de demokratiýanyň esasy alamatlarynyň biridir.
Belli bolşy ýaly, adamlar şahsyýetlerden, toparlardan we tutuş ilatdan (milletden, halkdan) durýar. Şoňa laýyklykda demokratiýanyň – da şahsy, toparyň we halkyň demokratiýasy ýaly görnüşleri bardyr.
Halkyň dolandyrmaga gatnaşmagynyň görnüşi boýunça demokratiýa gös – göni demokratiýa (meselem, sala şalyşlar) we wekilçilikli demokratiýa (meselem, saýlanan wekilleriniň üsti bilen ýurdy dolandyrmaga gatnaşmak) ýaly görnüşlere bölünýär.
Çeşme:Syýasaty öwreniş P. Aýdogdyýew, B. Begseýidow, G. Geldiýewa, I. Halmyradow, G. Hanow
Bu jemgyýet makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu syýasat makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Seamless Wikipedia browsing. On steroids.
Every time you click a link to Wikipedia, Wiktionary or Wikiquote in your browser's search results, it will show the modern Wikiwand interface.
Wikiwand extension is a five stars, simple, with minimum permission required to keep your browsing private, safe and transparent.