![cover image](https://wikiwandv2-19431.kxcdn.com/_next/image?url=https://upload.wikimedia.org/wikipedia/commons/thumb/0/01/Bill_Gates_July_2014.jpg/640px-Bill_Gates_July_2014.jpg&w=640&q=50)
Bill Geýts
Dörediji, telekeçi, programist. / From Wikipedia, the free encyclopedia
Bil Geýts(iňlisçe: Bill Gates)
![Thumb image](http://upload.wikimedia.org/wikipedia/commons/thumb/0/01/Bill_Gates_July_2014.jpg/640px-Bill_Gates_July_2014.jpg)
“Microsoft şereketini“ esaslandyryjylaryň, şeýle hem dünýäde iň baý we jomart haýyr - sahawatçylaryň biri bolup durýar. Bil Geýts dünýäde iň täsirli şahsyýetleriň biridir. Ol kompýuter senagatynyň iň belli brendleriniň biriniň esaslandyryjysydyr.
Stoluň üstünde goýulýan her bir kompýuteriň biri “Microsoft”-yň programmasyny ulanýar diýen ýalydyr. “Forbes“ žurnalynyň maglumatlaryna görä, Bil Geýts 1996 – 2007-nji ýyllar aralygynda dünýäde iň baý adamlaryň biri bolup, uzak ýyllardan bäri birinji orny eýeläp gelýär.
Geýts 1955-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda ABŞ-nyň Waşington ştatynyň Sietle şäherinde dünýä inýär we şol ýerde ulalýar. Onuň kakasy Uilýam Geýts II Sietlede aklawjy bolupdyr, ejesi bolsa mekdep mugallymy we “United Way” atly haýyr – sahawat guramasynyň wekili bolupdyr. Geýts we iki uýasy oňat terbiýe alypdyr we Geýtse ikinji ýöriteleşdirilen “Lakeside School”-da okamaga mümkinçilik döräpdir.
Bil 13 ýaşyndaka özüniň ilkinji programmasyny – BASIC programmasynyň dilinde “Atanak nolluk” atly oýnuny ýazypdyr. Bill Geýts 1973-nji ýylda Pol Allen bilen hyzmatdaşlyk eden ýeri Garward uniwersitetinde okamaga başlapdyr. Geýts we Allen “MITS Altair” (ilkinji mikrokompýuter) üçin esas bolan “BASIC” diliniň nusgasyny programmalaşdyrmagyň üstünde işläpdirler. Ol “Microsoft Corporation” atly dünýäde kompýuterleri programma bilen üpjün ediji iri şereketi ýola goýmaga girişmek üçin Garward uniwersitetini taşlamaly bolýar.