Abylgazy Bahadyr han

From Wikipedia, the free encyclopedia

Abylgazy Bahadyr han

Abylgazy Bahadyr Han (1603-63)- Hywa hany (1645-83), taryhçy, döwlet işgäri. Has doly maglumaty 9-njy synp Turkmenistanyn taryhy kitabyndan okap bilersiniz. Ol 1645 ýylda, hanlykdaky içki syýasy garşylyklaryň ýitileşen şertlerinde, özbek feodallarynyň harby güýjüne daýanyp, häkimiýet başyna geçipdir. Onuň höküm süren döwründe Hywada özbek feodallarynyň agalygy pugtalanypdyr. Hanlykdaky hemme ýokary wezipeler, söwda we senetçiler, ekerançylyk üçin amatly ýerleriň köpüsi feodallaryň eline geçipdir. Abylgazynyň döwleti dolandyryş, ýer-suw we beýleki babatlarda geçiren ähli reformalary özbek feodal döwletiniň ykdysady we syýasy ýagdaýyny pugtalandyrmaga gönükdirilipdir. Abylgazy Hywada türkmenleriň täsiriniň soňuna çykmak ugrunda çalşypdyr. Netijede, ýerden-suwdan mahrum edilen we üznüksiz talaňçylara sezewar bolan Hywa türkmenleri hanlykdan çykyp gitmäge ýa-da agyr hem kemsidijilikli şertlerde ýaşamaga mejbur bolupdyrlar. Derýalyk boýundaky türkmen ilatly galapyn welaýatlaryň, şol sanda Adak, Wezir, Buldumsaz ýaly şäherleriň bütinleý boşap galmaklygy hut şol döwre degişlidir. Abylgazy hanlygyň paýtagtyny Hywa şäherine göçüripdir. Türkmen sähralaryna golaý bolan we Derýalygyň akmasynyň kesilmegi zerarly boşap galan öňki paýtagt - Ürgenjiň (häzirki Köneürgenjiň) deregine, Abylgazy hanlygyň golaý böleginde täze Ürgenç şherini saldyrypdyr. Abylgazynyň daşarky syýasatynda galmyklar we Buhara bilen bolan uruşlar, Russiýa bilen bolan söwda-diplomatik gatnaşyklary, ylaýta-da türkmen taýpalaryna garşy gurulýan köp sanly talaňçylykly ýörişler esasy orun tutupdyr ( serediň: Abylgazy hanyň türkmenlere garşy ýörişleri). Abylgazy taryhçy hökmünde 2 sany belli işiň: "Şejerei terakime" ("Türkmenleriň şejeresi"), "Şejerei türk" ("Türkleriň şejeresi") ýygyndylarynyň awtorydyr. Bu kitaby https://www.kitaphana.net/book/1622 alyp okap bilersiniz. Olar 1897, 1906 ýyllarda rus dilinde neşir edilipdir. İkinki işiň 1874 ýylda çykan fransuz neşiri hem bar. Bu işler galapyn dilden aýdylyp gürrüňler we rowaýatlar esasynda ýazylanlygyna, käbir maglumatlaryň jedelli bolmagyna garamazdan, olar Hywanyň, Demirgazyk Türkmenistanyň we gonşy welaýatlaryň 15-17 asyrlardaky taryhyny öwrenmekde gymmatly edebi çeşme bolup hyzmat edýärler. Abylgazynyň bu işlerinde türkmen taýpalarynyň urug-tirä bölünişleri, ýaşaýan ýerleri, kärleri, içki we daşky syýasy ýagdaýlary boýunça iňňän gymmatly taryhy maglumatlar bar.

Quick Facts Han, Kakasy ...
Abu al-Ghazi Bahadur
Han
Thumb
Kakasy'Arab Muhammad Khan
Close

Wikiwand in your browser!

Seamless Wikipedia browsing. On steroids.

Every time you click a link to Wikipedia, Wiktionary or Wikiquote in your browser's search results, it will show the modern Wikiwand interface.

Wikiwand extension is a five stars, simple, with minimum permission required to keep your browsing private, safe and transparent.