From Wikipedia, the free encyclopedia
Ýokançly mollýusk (täze lat. molluscum contagiosum) – wirusly kesel bolup, deri örgüniniň ýüze çykmagy bilen häsiýetlendirilýär. Deri örgüni deriniň reňkine meňzeş, ýeke-ýekeden ýa-da topbaklaýyn ýerleşýän düwünjiklerden ybaratdyr.
Ýokançly mollýuskyň wirusy diňe näsag adamdan geçip bilýändir. Bu wirus haýwanlarda keselçilik döredýän däldir.
Bu kesel dürli ýaşly adamlarda, şol sanda çagalarda hem duş gelip bilýär. Ýokançly mollýuskyň wirusynyň ýokuşmagynyň esasy ýollary:
Maşgalanyň hem birnäçe agzasynyň birden kesellemegi mümkindir. Keseliň birinji alamatlary ýokuşmadan iki hepde soň ýüze çykýar. Ýokançly mollýuskyň esasy alamatlary aşakdakydan ybaratdyr:
Ýokançly mollýusk howply gaýraüzülmelere getirýän däldir. Bu keselde garaşylýan gaýraüzül-melere aşakdakylar degişlidir:
Umumy barlagdan soň, ýokançly mollýuski dermatolog lukmanlary anyklaýandyr we bejerýändir.
Bu keselde örgünleriň özbaşdak häsiýetli bolany sebäpli, anyklaýyşda goşmaça usullara mätäçlik döremeýär. Aýry-aýry ýagdaýlarda başga kesellerde ýüze çykýan örgünler bilen aýyl-saýyl etmeli bolýar. (meselem, wirusly kesel bolan ýiti uçly siňňiller).
Ýokançly mollýuski bejermegiň birnäçe görnüşleri bardyr. Ol hirurgiki usul bilen aýrylanda, ýörite kýuretta guraly ulanylýar.
Örgünler aýrylyp, emele gelen ýarajyklar antiseptiki demanlar bilen (hlorgeksidin, dioksidin we başgalar) arassalanýar. Örgünleri suwuk azotyň (doňdurma ýa-da kriobejergi), lazeriň, elektrik togunyň (elektrokoagulýasiýa) kömegi bilen hem aýyrmak mümkindir.
Örgünleri aýyrmak gaty agyryly bolup, agyrsyzlandyryjy melhemler we kremler ulanylýandyr. (meselem, lidokain melhemi).
Ýokançly mollýusk keselini ýörite melhemleriň kömegi bilen hem bejerip bolýar. Bejergi üçin aldara (imikwimod) tazorak, retin-A ýaly serişdeler melhem görnüşde ulanylýar.
Aldara ýa-da retin-A deriniň örgünli ýerine günde bir gezek agşam çalynýar. Irden deri sabynly ýyly suw bilen ýuwulýar. Lukmanyň maslahatyna laýyklykda krem birnäçe hepde (16 hepdä çenli), her gün ýa-da günaşa ulanylýar.
Çagalarda ýokançly mollýuskyň bejergisi geçirlende, agyrsyz usullar saýlanyp alynýar. (meselem, kremleri ulanmak). Diňe aýry ýagdaýlarda ýerli agyrsyzlandyrma bilen hirurgiki usul ulanylyp bilner.
Ýokançly mollýuskyň bejergisini geçirmekde halk serişdeleri hem ulanylýar:
Seamless Wikipedia browsing. On steroids.
Every time you click a link to Wikipedia, Wiktionary or Wikiquote in your browser's search results, it will show the modern Wikiwand interface.
Wikiwand extension is a five stars, simple, with minimum permission required to keep your browsing private, safe and transparent.