Özbegistan
From Wikipedia, the free encyclopedia
Özbegistan Merkezi Aziýanyň merkezi we demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýän döwletdir. Ol gündogarda Gyrgyzystan we Täjigistan, günortada Owganystan, günorta-günbatarda Türkmenistan we demirgazykda Gazagystan bilen serhetleşýär.
| |||||
Paýtagt | Daşkent | ||||
Prezident | Şawkat Mirziýoýew | ||||
Baş bakan | Abdulla Aripow | ||||
Dil | Özbek dili | ||||
Gimn | Özbegistanyň gimni | ||||
Meýdany | 448.900[1] km² | ||||
Ilat – ilat/km² |
29.559.100[2] 59/km² | ||||
Garaşsyzlyk | 1991 Awgust 31 | ||||
Pul | Özbegistan somy | ||||
Wagt | UTC +5 | ||||
Telefon kod | 998 | ||||
Internet TLD | .uz |
Ýurduň umumy tutýan meýdany 447,9 müň inedördül kilometre barabar. Onun 425,4 müň inedördül kilometrini guryýer, 22 müň inedördül kilometrini bolsa suw tutýar. Özbegistanyň guryýer serhediniň umumy uzynlygy 6221 kilometr bolup, Owganystan bilen 137 kilometre, Gazagystan bilen 2203 kilometre, Gyrgyzystan bilen 1099 kilometre, Täjigistan bilen 1161 kilometre we Türkmenistan bilen 1621 kilometre barabar serhedi bar.
Ýurduň agramly bölegini düzlükler (bäşden dört bölegini) tutýar. Olaryň iň ulusyna Turan düzlügi diýilýär. Ýurduň guňdögar we demirgazyk-gündogaryny Týan-Şan we Pamir daglarynyň şahasy tutýar. Şol ýerde-de ýurduň iň beýik dag gerşi (4643 metr) ýerleşýär. Ýurduň merkezinde bolsa dünýäniň iň uly çöllerinin biri bolan Gyzylgum ýaýlyp ýatyr.
Özbegistan gazylyp alynýan tebigy baýlyklara-da baý. Ýurtda tebigy gazyň, daş kömrüniň, altyn, wolfram, nebitiň we beýleki magdanlaryň gory bar. Ýurduň çäginden Amyderýa we Syrderýa akyp geçýär. Şeýle hem Özbegistanda birnäçe emeli köller bar. Olaryň biri Çardarin suw howdanydyr.